TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

“Men Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn!” Иса Месих

BAŞ SAHYPA

turkmen2.jpg
Gadyrly ildeşler! Bu web-saýtymyz arkaly biz size günälerden gutulyş, bu dünýäde ruhda gurply ýaşaýyş, ýürekde dynçlyk we baky ýaşaýyş berjek Hoş Habary size ýetirmek isleýäris! Bu web-saýtymyzda siz Hudaýyň Mukaddes Sözi bilen, oňa esaslanyp taýýarlanan makalalar, maglumatlar, kitaplar, ruhy aýdymlar, goşgylar, şahsy şaýatlyklar, radio gepleşikleri we wideo materiallar bilen tanyşarsyňyz. Bu web-saýtymyzyň üsti bilen biz siziň her biriňiziň ruhy rowaçlygyňyza goşant goşup bileris diýip umyt edýäris! Size Beýik Biribar Ýaradyjy baky ýaşaýyş ýoly hakynda düşünje bersin diýip arzuw edýäris!!!

Täze Makalalar

Magtymguly şahyrymyzyň öwüt-nesihat goşgularyndan Jul 2

KÄR BILE

Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,
Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,
Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,
Ynjalarmy bile ýatan mar bile?

Iman gazan, ynsabyňy ýutmagyl,
Göre-bile özüň oda atmagyl,
Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,
Munça dözüp ýatajak sen gör bile.

Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,
Haýyr gazan, ýatan eriň nur bolar.
Ýagşy bolsaň jaýyň jennet, hüýr bolar,
Ýaman bosaň köýdürerler [...]

Durmuşyň Maksady Hakynda Söhbet Jun 19

Isa Mesihe degişli ýygnanyşygyň ruhy hyzmatçysy Rik Warren bilen geçirilen
interwýu.

Rik Warreniň aýaly rak keseli bilen kesselände, özüniň bolsa kitaplaryny satmak
bilen şeýle uly “maddy baýlyga” eýe bolan günlerinde, onuň kalbyndan çykýan
akylly sözleri eştimek siziň üçin hem ýakymly bolar. Bu ol bilen geçirilen
gysgajyk gürrüňdeşligiň iňlis dilinden terjimesi.
“Maksat bilen hereket edýän Durmuş” atly [...]

Uly Gutulyş! Jun 16

Meniň adym Atamyrat. Men Türkmenistanda musulman maşgalasynda 1978 ýylda eneden doguldym. Meniň ýaşlygym 12 ýaşyma çenli känbir kynçylyksyz geçdi. Ejem we kakam bize ýagny bäş çagaly, maşgala üçin elinde baryny edýärdiler, gündelik durmuş üçin gerek bolan zatlary upjün edýärdiler, emma olaryň özleriniň welin gatnaşyklar känbir gowy däldi. Men olaryň biri biri bilen uruşýandygyny, kakamyň ejemi [...]

Türkmen ildeşlerimiziň käbir soraglaryna jogaplar Jun 16

Käbir ildeşlerimiz Muhammet hakynda Injilde aýatlar ýazylan diýip bize käbir soraglar beripdiler bulara jogap edip, Injildäki Isa Mesihiň gürrüň edýänleriniň Muhammede hiç hili degişli däldigini subut etmek üçin Injilden jogaplar ýazdyk.
Şu taýda bir zat welin bellenip geçilmeli, ýagny yslamçy alymlar we ol dine uýýanlar, Injil uýtgedilipdir, diýip aýak direýärler, ýöne şol bir hatarda Injilden [...]

Gökdäki Öýüm! Jun 9

Gökdäki Öýüm!
Gökdäki öýüm isaň ýanynda,
Ol ýerde täze durmuş bolar.
Garyndaş, dostlar hemmämiz bile,
Alkyş aýdaryrs Atamyza.

Gaýtalama:
Gökdäki öýüm meniň islegim,
Baky ýaşaryn men ol erde.
//Hudaýa baky alkyş aýdaryn,
Erdäki durmyşym geçende.//

Şatlykly bolar ol baky öýde,
Hälasgärimi görerin men.
Günäler üçin Golgofda ölüp,
Hudaý tarap ýol görkezdi.

Agy, gözýaşlar indi, gerek däl!
Hudaýa alkyş aýdarys biz.
Unudarys aýralyk – keseli,
Hudaýa alkyş aýdarys biz!
Diňläp [...]