
Gadyrly ildeşler! Bu web-saýtymyz arkaly biz size günälerden gutulyş, bu dünýäde ruhda gurply ýaşaýyş, ýürekde dynçlyk we baky ýaşaýyş berjek Hoş Habary size ýetirmek isleýäris! Bu web-saýtymyzda siz Hudaýyň Mukaddes Sözi bilen, oňa esaslanyp taýýarlanan makalalar, maglumatlar, kitaplar, ruhy aýdymlar, goşgylar, şahsy şaýatlyklar, radio gepleşikleri we wideo materiallar bilen tanyşarsyňyz. Bu web-saýtymyzyň üsti bilen biz siziň her biriňiziň ruhy rowaçlygyňyza goşant goşup bileris diýip umyt edýäris! Size Beýik Biribar Ýaradyjy baky ýaşaýyş ýoly hakynda düşünje bersin diýip arzuw edýäris!!!
Täze Makalalar
Sen haýran galýarmyň?
Isa Mesihiň ýere gelişi, ýaşaýşy, öwredýän taglymatlary, ölümi we direlişi, göge galyşy haýran galdyryjydy! Ol patyşalardyr garamaýagy, akyldardyr bilimsizleri, baýlary we garyplary, yaşulylary we yaşlary, ekekdir aýallary haýrana goýan, haýrana goýýan we goýjak biridir!
Isa Mesihe haýran galanlaryň köpüsi bar zatlaryny taşlap Onuň yzyna eýerdiler! Ine aşakdaky taryh munyň bir şaýady:
“Bir gün halaýyk [...]
Isa Mesih bizin gunalerimizin tolegini cheken ezyetleri we hachdaky elhench olumi bilen toledi! Muny kabul etmek bilen biz Hudayun bizin gunalerimize bolan gazabyndan we dowzah odundan gutulysh alyp bileris. Bize Hudayun merhemeti gerek! Bu merhemeti Huday Isa Mesihde bize gorkezdi. Bizin uchin bu merhemet gazanylmadyk bolsada, Isa Mesih bu merhemetin bahasyny ejir chekmegi we olumi [...]
Mukaddes Ýazgylar: “Ol, Patyşalaryň Patyşasy, Rebleriň Rebbidir!” diýýär.
Sen Ol hakynda bilýärsiňmi? Muňa bolan seniň jogabyň näme? Seniň bu hakykata bolan gatnaşygyň we jogabyň bakyýet üçin iň wajyp soraglaryň biridir!
Biz bu ýerde iňlis dilinde bolan wideo maglumaty siziň üçin hödürleýäris. Mumkin boldugyndan munuň türkmençe terjimesini size hödürlemäge çalyşarys.
Azaşypdyk
(Işaýa pygamber 53:6-10)
Azaşypdyk goýunlar kimin
Her birimiz öz ýolumyza.
Günä edip, şöhratyňdan mahrum bolduk.
Ýöne Seniň huzuryňda baky ýaşap,
Seniň şöhratyňy görmek isleýäs.
Taňrym! Günämizi bagyşla,
Täze durmuş ber bize.
Toba edip, Saňa gelýäs.
Seň ýanyňda bolmagy biz isleýäs.
Adamlar tarapyndan ýigrenilip,
Gurban boldy Isa Guzy kimin.
Biziň üçin günäniň jezasyn Ol aldy.
Hudaýym! Isaň gany bilen bizi ýuwup,
Özüňiň mukaddes [...]
Injiliň bu audio ýazgysyny diňlemek bilen Isa Mesihiň dünýäniň Halasgäridigine düşünersiňiz we Oňa iman getirip günälerden, dowzah odundan, şeýtanyň güýjünden gutulyşa etersiňiz diýip umyt edýäris. Isa Mesih size dynçlyk we ruhy rowaçlyk bermek isleýär! Isa Mesih, “Gözlän tapar, gapyny kakana açylar, soraň beriler!” diýipdi. Eger siz hem çyn ýüregiňizden gözleseňiz, Biribar size “Hakykat, Ýaşaýyş we [...]